Soňky habarlar

Arhiw

Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri geçiriler

15:4308.04.2024
0
12248

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Bäherden etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berdi-diýip turkmenmetbugat.gov.tm ýazýar.

Çäre etrabyň Medeniýet bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli geçiriler. Oňa Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalar, guramalar, firmalar, kompaniýalar özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlary bilen gatnaşyp bilerler.

Guramaçylar işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýar. Işe girmek isleýän raýatlar öz ýanlary bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmelidirler.

Şeýle hem boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilelikde guramagynda hem geçiriler.

Çäre Arkadag şäher Maliýe we bank toplumynyň edara binasynda 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(800131) 23-0-52.

57-23-11.

57-18-76.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň