Täjigistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, "tegelek stoluň" başyndaky söhbetdeşlik guraldy

07:3605.04.2024
0
11129

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbä resmi saparynyň çäklerinde, 4-nji aprelde Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň ýanyndaky Ýazuw mirasy merkezinde iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Bu barada TDH habar berýär.

"Tegelek stoluň" başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Onuň eserleri dürli halklaryň dillerine, şol sanda täjik diline terjime edildi hem-de dostlukly ýurtda örän meşhur bolup, olara uly sarpa goýulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň