Top.Mail.Ru

«Rowachlan Galkynysh» TSSE-de geçýän sergide gaplama önümleriniň üstünliklerini tanyşdyrýar

11:1204.04.2024
0
15516

«Rowachpack» haryt nyşanly polipropilen gaplama önümlerini öndürýän öňdebaryjy «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylaryň hatarynda önümlerini tanyşdyrýar.

Sergide «Rowachlan Galkynysh» önümleriniň ähli görnüşlerini: big-beg gaplaryny, polipropilen haltalaryny, ýeň görnüşli rulonlary, çyglylyga garşy durnukly haltalary we beýleki gaplama önümlerini köpçülige ýetirýär.

«Rowachlan Galkynysh» — bu diňe bir polipropilen gaplaryny öndürmek bilen çäklenmän, eýsem önümçiligini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýär:

  • önümçiligi işjeň döwrebaplaşdyrýar;
  • önümleriň assortimentini giňeldýär;
  • önümçiligiň mukdaryny artdyrýar;
  • ýokary hil standartlaryna eýerýär;
  • müşderileriň zerurlyklaryna ähmiýet berýär.

Bu günki günde «Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň önümleri GDA ýurtlarynyň köpüsine üstünlikli eksport edilýär.

Kärhananyň ýakyn geljek üçin meýilnamasy — täze bazarlara çykmak: ABŞ-a, şeýle hem Gündogar we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna önümleri eksport etmek.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň diwarlygyny 5-nji aprele çenli Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasyna baryp görüp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň