Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Asuda akym» HJ Aşgabatda geçirilýän sergide «Şir Ýag» çalgy ýaglaryny hödürleýär

17:4703.04.2024
0
16624

Şu gün Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti «Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň görnüşlerini tanyşdyrdy.

«Şir Ýag» – Türkmenistanda ulanyş şertleri göz öňünde tutulyp işlenip düzülen ýokary hilli çalgy ýaglarydyr. Türkmen öndürijisi awtoulaglaryň we ýük awtoulaglarynyň hereketlendirijileri, transmissiýalary, oba hojalyk tehnikalary, gidrawlik ulgamlary hem-de senagat maksatlary üçin niýetlenen 25 görnüşli çalgy ýagyny hödürleýär.

«Biziň çalgy ýaglarymyz iň ýokary hil standartlaryna laýyk gelýär. Olar «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň (TDS) güwänamasyna, şeýle hem «ASTM» we «DIN» halkara standartlaryna laýyk gelýändigi hakyndaky güwänamalara mynasyp boldy» diýip, «Asuda akym» HJ-niň wekili belledi.

«Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň eýýäm türkmen alyjylarynyň arasynda uly islegden peýdalanýandygyny bellemek gerek.

«Asuda akym» HJ-niň önümleriniň görnüşleri bilen 3 – 5-nji aprel aralygynda TSSE-niň binasynda geçýän sergide ýa-da siryag.com saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň