«Samsung» kompaniýasy Ýewropanyň Kosmiki agentligi bilen hyzmatdaşlykda «Galaxy Watch» «akylly» sagatlary üçin taýýarlan «Galaxy Time» siferblatyny tanyşdyrdy. Bu barada «Rambler» web saýty habar berýär.
«Galaxy Time-yň» kömegi bilen indi diňe bir Ýeriň däl-de, eýsem, Mars, Wenera, Ýupiter hem-de Gün ulgamynyň beýleki planetalaryndaky wagty hem bilmek bolýar. Siferblat mundan başga-da birnäçe peýdaly maglumatlary görkezýär:
- Planetalaryň aýlanyş tizligini hem-de olaryň Günden näçe aralyk uzakdadygyny;
- Her planetanyň hemrasyny we olaryň möwsümleriniň aýratynlyklaryny;
- Planetanyň Gün ulgamynda anyk ýerleşýän ýerini.
«Galaxy Time» Wear OS operasion ulgamly ähli «Samsung Galaxy Watch» «akylly» sagatlary, şol sanda Watch 4, Watch 6 hem-de Watch 7 sagatlary üçin elýeterlidir.