Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin sebitara okuw geçirildi

11:1503.04.2024
0
8058
Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin sebitara okuw geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň gümrükhanasynda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin sebitara okuw geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, bu okuw Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň gözegçilik maksatnamasynyň çäginde guraldy.

Okuw Bütindünýä gümrük guramasynyň hünärmeni Swetlan Sawow tarapyndan geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw Port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň töwekgelçilikli ýükleri profilirlemek, olary saýlamak we bikanun ýük daşamalaryň öňüni almak, resminamalarydyr ýükleri barlamagyň usullary boýunça bilimlerini artdyrmagy maksat edinýär. Oňa gatnaşanlar konteýnerler barada 1972-nji ýyldaky gümrük konwensiýasynyň düzgünleri, gümrük gullugynyň nukdaýnazaryndan intellektual eýeçilik hukugy we ygtybarly maglumat alyş-çalşygy üçin Bütindünýä gümrük guramasynyň «ContainerСОММ» platformasy bilen tanyşdylar.

Okuwyň amaly böleginde oňa gatnaşyjylar resminamalary maksatly saýlamak we gözegçilikde saklamak, maksatly saýlamaga esaslanan usullar, gözden geçirmek üçin saýlanan ýükleri fiziki gözden geçirmek, şeýle hem aýry-aýry ýükler barada deslapky maglumatlary port gözegçilik toparlary bilen alyşmak boýunça alan bilimlerini baýlaşdyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň