Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşkentde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň kanuny ugurlary maslahatlaşyldy

20:0029.03.2024
0
7997

Şu gün Özbegistan Daşary işler ministrliginiň şertnama we hukuk bölüminiň başlygy Amir Soltanow türkmen ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşdy.

«Uzdaily» özbek habarlar gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikler iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde guraldy.

Duşuşykda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynda, şeýle hem oba hojalygy, gümrük we beýleki özara gatnaşyklar ugurlarynda ikitaraplaýyn halkara şertnamalaryny taýýarlamak, şeýle-de gol çekmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň