Şu gün Aşgabatda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady.
Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny ünsli diňlediler.
Foruma Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýolbaşçylary, dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşýarlar.
Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we bu babatda halkara derejedäki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek forumyň baş maksatlarynyň biridir.
Halkara maslahatyň geçirilýän ýerinde türkmen medeniýetiniň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda halk senetçiliginiň kämil nusgalary, türkmen halylary, fotosuratlar, sungat eserleri görkezilýär.
Sergide ýurduň öňdebaryjy syýahatçylyk operatorlary hem öz mümkinçiliklerini hödürlediler.
Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý syýahatçylyk mümkinçiliklerini, ýurtda ekosyýahatçylygy ösdürmegiň geljegini, medeni ugurlary we pudagyň beýleki taraplaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Halkara maslahat 2 gün dowam eder.