Soňky habarlar

Arhiw

Belarusda berýoza şiresini ýygnaýarlar

11:3526.03.2024
0
9467
Belarusda berýoza şiresini ýygnaýarlar
Surat: mir24.tv

Belarusda berýoza şiresini ýygnamaga başladylar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Munuň üçin agajyň bilinden kesip, deşik ýasaýarlar we oňa uly bolmadyk ganawjyk oturdýarlar. Her agaçdan şiräni az alýarlar.

Bir gijede tonnadan gowrak şire almak bolýar, berýoza şiresini tokaý hojalyklarynda ýörite ýerlerde satyn almak mümkin.

Özbaşdak şire toplamak üçin tokaý hojalyklaryndan rugsat almak gerek. Bikanun toplansa, 800 belarus rubly möçberinde jerime tölemeli.

«Munuň üçin tokaý hojalyklaryna ýüz tutmaly. Hünärmenler şire almak üçin amatly bolan agaçlary salgy berýärler. Olar golaý iki ýylda çapyljak agaçlar» diýip, Tokaý hojalygy we tokaýy dikeltmek bölüminiň başlygy Ýelena Bunsewiç gürrüň berýär.

Bu ýyl Belarusda 10 müň tonnadan gowrak berýoza şiresini toplamakçy bolýarlar. Onuň bir bölegi GDA döwletlerine, Hytaýa we Wýetnama eksporta iberiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň