Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK elektrik paneliniň enjamlaryny öndürmek üçin sargytlary kabul edýär

10:5225.03.2024
0
13505

«Nebitmaş» DK elektrik ulgamlarynyň optimizasiýasyna we üznüksiz işlemegine gönükdirilen köp sanly çözgütleri hödürleýär. «Nebitmaş» DK-nyň esasy iş ugurlarynyň biri hem elektrik paneliniň enjamlarynyň önümçiligidir.

Kompaniýanyň öndürýän önümleriniň hatarynda transformator podstansiýalary we yşyklandyryş ulgamlary üçin paýlaýyş şkaflary bardyr.

Şeýle hem «Nebitmaş» DK dürli düzüm gurluşlaryny – R-63/630A tok öçürijileri (rubilnik), dürli görnüşli RPS ulgamlaryny, tok paýlaýjylar we simler üçin elektrik birikdirijileri, şeýle hem 1000W we 1000W-dan ýokary kuwwatly transformatorlar üçin girizme birikdirijilerini öndürýär.

«Nebitmaş» DK önümleriniň ýokary hillini, ähli ülňülere we halkara standartlaryna laýyklygyny kepillendirýär.

Elektrik paneliniň enjamlarynyň önümçiligi üçin sargytlary kärhana gelip, şu salgyda hasaba aldyryp bilersiňiz: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefon: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69;
  • faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň