Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi binasy gurlar

08:1824.03.2024
0
24729

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglary, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny we uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdançadaky desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary hem-de awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ulag we kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň