Arhiw

«Ynamly Senet» hojalyk jemgyýeti TSTB-niň sergisinde döwrebap hyzmatlaryny tanyşdyrdy

13:2623.03.2024
0
20012

Türkmenistanyň maglumat-aragatnaşyk pudagynda iş alyp barýan «Ynamly Senet» hojalyk jemgyýeti 17 — 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda geçirilen köpugurly sergide alyp barýan iş ugurlaryny, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlaryny köpçülige tanyşdyrdy.

«Ynamly Senet» HJ bu günki günde döwlet maksatnamasy esasynda ýerine ýetirilýän taslamalara hem-de beýleki düzümlerde amal edilýän işlere işjeň gatnaşmak bilen, aragatnaşyk-telekommunikasiýa gurnama işlerini yzygiderli kämilleşdirýär. Muny bolsa kärhananyň 2021-nji ýylda döredilenden wagtyndan bäri degişli ugurda gurluşyklara işjeň gatnaşyp, eýýäm giň gerimli şähergurluşyk taslamalaryna hem goşant goşandygy aýdyň görkezýär.

Kärhana geçen ýyllarda «akylly» şäher taslamasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 1-nji tapgyrynda — Berdimuhammet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň, 1-nji çagalar bagynyň hem-de 2 sany 5 gatly 40 öýli we 2 sany 5 gatly 30 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň aragatnaşyk telekommunikasiýa işlerini ýokary hil ölçeginde amala aşyrdy. Şonuň ýaly-da,kärhananyň ýerine ýetiren taslamalarynyň hatarynda Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýokary kuwwatly, güýjenmesi 10kW bolan daşky elektrik ulgamynyň gurnama işlerini bellemek bolar.

«Ynamly Senet» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýurduň ykdysady pudaklarynyň buýurmagynda gurulmagy meýilleşdirilýän 2 sany 9 gatly 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda 1 sany 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny alyp barmagy maksat edinýär. Kärhananyň gurluşyk işleriniň çygryna ynamly girişendigi, iş alyp barýan degişli pudagynda sargytlar esasynda taslamalary ýerine ýetirmäge giň mümkinçiliginiň bardygy täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmäge giň ýol açýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň