Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2026-nyň saýlamasy: Türkmenistan — Eýran oýnuna petekler satylyp başlandy

10:2819.03.2024
0
25361

DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistan bilen Eýranyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň petekleri satuwa çykaryldy.

Petekleri «Aşgabat» köpugurly stadionyň kassalaryndan satyn almak mümkin. Kassalaryň iş wagty ir sagat 9:00-dan agşam 21:00-a çenlidir. Petegiň bahasy — 30 manat. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 95-50-37.

Ýeri gelende bellesek, DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistan — Eýran duşuşygy 26-njy martda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Oýun ýerli wagt bilen sagat 20:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň