Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Üznüksiz çeşme» hojalyk jemgyýetini dörediler

04:0916.03.2024
0
23595

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedow döwlet Baştutanynyň ýurduň işewürligini goldamak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hususan-da, elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Üznüksiz çeşme» hojalyk jemgyýetini döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Aşgabatenergoönümçilik» birleşiginiň we «Üznüksiz hyzmat» hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmaklarynda dörediljek täze önümçilik ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyna goşant goşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän elekrtik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň möçberini azaltmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany ýurt üçin möhüm bolan elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary ýurdumyzda öndürmek işini ýola goýmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda dörediljek bilelikdäki hojalyk jemgyýetiniň işinde häzirki zaman talaplaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň