Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awstraliýada Türkmenistanyň ilkinji ilçisi akkreditasiýa edildi

15:3815.03.2024
0
14218

Kanberra şäherindäki Hökümet binasynda Türkmenistanyň Awstraliýadaky ilçisi A.Baýramowyň Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory Dewid Hýorlä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 12-nji martda bolan duşuşykda ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatoryna mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem, türkmen tarapynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanmasynyň bardygyny tassyklady.

Habarda bellenilişi ýaly, general-gubernator öz gezeginde gelip gowşan mähirli salamlar we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Awstraliýada ilkinji Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň bellenilmeginiň Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň taryhyndaky taryhy ähmiýeti barada belläp geçdi.

General-gubernator Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň gyzgyn we mähirli salamlarynyň ýetirilmegini haýyş etdi. Şeýle hem, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň möhümdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň