Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär

11:5012.03.2024
0
35357

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň aprelinde Aşgabat — London Gatwik ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar. 3-nji aprelden «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar. Bu dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen «AeroRoutes» kompaniýasy tarapyndan habar berilýär.

T5423 ASB1200 – 1510LGW 77L 3
T5424 LGW1655 – 0300+1ASB 77L 3

Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri bolup, ol Hitroudan soň ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir.

Londonyň merkezinden, takmynan, 45 km uzaklykda ýerleşýän bu howa menzili «British Airways» kompaniýasy üçin merkez bolup hyzmat edýär. Bu ýerde «Emirates», «Turkish Airlines» we beýleki iri awiakompaniýalar uçuş-gonuşlaryuş-gonuşlary amala aşyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň