Işewürlik-daýjest: 6 – 11-nji mart aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

11:5811.03.2024
0
9217

«Tyrkmenportalyň» nobatdaky hepdelik işewürlik-daýjestinde soňky hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýet, maliýe, energetika, oba hojalygy, işewürlik we halkara hyzmatdaşlygy ulgamlaryndaky esasy wakalar hem-de täzelikler barada okap bilersiňiz.

Maliýe we ykdysadyýet

Täze döredilen düzüm — «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi Türkmenistanyň esasy ykdysady resminamasy bolan 2022 — 2052-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan n gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik eder.

Ýangyç-energetika toplumy

«Türkmennebit» döwlet konserni çuň guýularda barlag işlerini geçirmek hem-de uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirýär.

Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda ýokary wezipeli hünärmenleriň, şol sanda OPEK-iň Baş sekretary Haýtam al-Gaýsyň, IEA-nyň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birolyň, BMG-niň ÝYK-nyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçanyň we beýlekileriň çykyş etmeklerine garaşylýar.

Oba hojalygy we suw hojalygy

Türkmenistanda ilatyň ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, süýt önümlerini we ýag öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesi şu ýylyň fewral aýynda döredilen Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna berler.

4 – 6-njy mart aralygynda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Aşgabatda guralan duşuşykda Türkmenistan Owganystany sebitdäki suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi halkara standartlaryna laýyk gelýän 70 045 kg gant şugundyrynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik geçirer.

Işewürlik

Aşgabatdaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna söwda hem-de hojalyk hyzmatlary üçin 28 binany gurmak meýilleşdirilýär. Munuň üçin degişli bäsleşik yglan edildi.

Türkmenistanda 17 – 19-njy martda TSTB-niň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Sergide Birleşmäniň 200-den gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler.

Aşgabatda geçirilen Türkmen-owgan işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi, onda halyçylyk, sungat, senetçilik we dokma senagaty pudaklarynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara hyzmatdaşlygy

Rumyniýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistana Prahowa okrugynda öz önümleriniň sergisini guramagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy bolar. Bu çözgüt türkmen tarapyndan hem wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen Birleşigiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisinde beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň