Soňky habarlar

Arhiw

Azyk önümlerini öndürýän AGPJ-leriň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek teklip edildi

07:5808.03.2024
0
30898

Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň okgunly ösdürilmegini üpjün etmek we ilatyň ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, azyk önümlerini öndürýän paýdarlar jemgyýetlerini dolandyrmagy kämilleşdirmek we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanyna açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek we olaryň binýadynda süýt önümlerini hem-de ýag öndürýän zawodlary döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

--- Munuň özi Türkmenistanda ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmaga ýardam eder --- diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň