Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

7-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

10:4309.03.2024
0
17106

7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda senagat, energetika, ulag we gurluşyk ulgamlaryny ösdürmek, medeni we ylmy çäreleri geçirmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öňde boljak çäreler

17–19-njy martda Aşgabatda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 200-den gowrak agzasynyň gatnaşmagynda sergi we Birleşmäniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçiriler. Çärelerde hususy pudagyň gazananlary görkeziler we onuň mümkinçiliklerini ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäginde netijeli peýdalanmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

21-nji martda Ahal welaýatynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda», welaýatlaryň dolandyryş merkezlerindäki, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki baýramçylyk meýdançalarynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçiriler.

25–26-nji aprelde Türkmenistanda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Maliýe we ykdysadyýet

Türkmenistanda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesi Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna berler. Türkmenistanyň ilatynyň ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, paýdarlar jemgyýetleriniň binýadynda süýt önümlerini we ýag öndürýän zawodlary döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmenistanda uglewodorod serişdeleriniň önümçiligini artdyrmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserni nebitgazly känlerde çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýularda barlag işlerini geçirmek hem-de täze çuň guýulary burawlamak üçin täze enjamlar bilen üpjün ediler.

Gurluşyk

Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän täze awtomobil köprüsi gurlar.

Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda BMG we onuň ähli düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi dörediler. Geňeş BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak we tassyklamak bilen bagly işleri utgaşdyrmak, halkara başlangyçlary öwrenmek, olara goşulmak we goldamak babatda teklipleri taýýarlamak, milli meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek ýaly işleri alyp barar.

Ulag

Türkmenistanda ýolagçy we ýük otlularynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, demir ýollarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Munuň özi ýurduň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga mümkinçilik döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň