Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Awstriýa-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşmalar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Awstriýa-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy türkmen parlamentiniň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.
Taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde ikitaraplaýyn esasda döredilen dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, daşky gurşawy goramak babatda täze çemeleşmeler, gender deňligini üpjün etmek, ýaş we zenan parlamentarileriň syýasy ornunyň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada söhbet edildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagynyň hyzmatdaşlygy ilerletmekde ähmiýeti bellenildi.