Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol»: islendik dabaralar we sadakalar üçin dürli görnüşli çadyrlar

10:4506.03.2024
0
16622

Süýji tagamlary, birkemsiz hyzmatlary hem-de jomartlyk bilen eçilýän bonus sowgatlary bilen uly meşhurlyga eýe bolan Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany dürli hili göçme dabara we sadaka çäreleri üçin çadyrlary kärendesine bermek hyzmatyny hödürleýär.

Tent ulgamlarynyň kömegi bilen, «Ak Ýol» toý mekanynyň hünärmenler topary durmuş toýuny, oturlyşygy, maşgala dabarasyny, sadakalary we ş.m. oňaýly, hatda dürli ýaramaz howa şertlerinde hem bökdençliksiz geçirmäge mümkinçilik berýän hyzmaty ýerine ýetirýärler.

«Biziň çadyrlarymyzyň dürli ölçegde we ululykda bolmagy siziň bellejek çäräňize laýyk boljagyny saýlamagyňyz üçin örän amatlylygy döredýär» diýip, «Ak Ýoluň» wekili belleýär.

Sargyt edýän müşderileriň isleglerine görä bu çadyrlar howa sowadyjy we ýyladyjy enjam, halylar, stollar, oturgyçlar, sowadyjy ulaglar hem-de beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilýär.

Tent ulgamlaryny eltmek, gurnamak hem-de sökmek hyzmatlary onuň umumy bahasynyň içinde hasaplanýar.

«Ak Ýol» toý mekanynyň çadyrlaryny sargyt etmek üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: (+993 65) 41 41 40.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň