Aşgabatdaky «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ýerleşýän «Ak Ýol» dabaralar zaly Türkmenistanyň ýaş çatynjalaryny durmuş toýy dabaralary üçin sene bronlamaga çagyrýar.
1000 adama çenli myhmanlary kabul edip bilýän giň we rahat zal durmuş toýy üçin ajaýyp ýer bolar. Tejribeli «Ak Ýol» topary ähli aladalary öz üstüne alar:
- toý menýusy köpdürlüligi bilen geň galdyrar. «Ak Ýolda» milli türkmen tagamlaryndan başlap, ajaýyp Ýewropa naharlaryna çenli islendik görnüşli tagamlary saýlap bilersiňiz.
- bezeg. Dabaralar zalynyň topary ýagtylygyň, sesiň we bezegiň kömegi bilen, gaýtalanmajak baýramçylyk ýagdaýyny döreder.
- hyzmat. Ünsli ofisantlar myhmanlara ýokary hilli hyzmat edilmegini üpjün ederler.
- çagalar meýdançasy. «Ak Ýolda» ýaşajyk myhmanlar üçin çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýörite oýun meýdançasy bar.
Mundan başga-da, «Ak Ýolda» toý dabarasyny geçirmek üçin tölegleri 3 ýyla çenli bölmek meýilnamasyny resmileşdirip bilersiňiz.
Sene bronlamak we berilýän sowgatlar barada has giňişleýin maglumat almak üçin «Ak Ýol» dabaralar zalyna şu salgyda baryp bilersiňiz: Bagtyýarlyk köç., 15-nji jaý, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi.
Telefonlar: (+993 65) 41 41 40; (+993 12) 95 06 38. Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: