Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fransuz restorany «Dejavu» DJ bilen aýdym-saz agşamyny taýýarlaýar

10:3631.10.2024
0
5717

Fransuz aşhanasynyň restorany «Dejavu» yzygiderli dynç alyş maksatnamasynyň çäklerinde nobatdaky aýdym-saz çäresini yglan etdi. Restoran myhmanlary 1-nji noýabrda ýörite agşama çagyrýar, şol gün aýdym-sazlara DJ Ilýas jogap berer.

«Dejavu» restorany diňe bir ajaýyp fransuz aşhanasy bolan ýer hökmünde däl-de, eýsem, aýdym-saz agşamlarynyň meşhur ýeri hökmünde hem özüni tanatdy. Restoran janly çykyşlaryň baý mazmunly hepdelik maksatnamasyny dowam etdirip, myhmanlary üçin aýratyn gurşaw döredýär.

Penşenbe günleri restoranyň myhmanlary skripkaçy Kerim Ahmedowyň ajaýyp çykyşyndan lezzet alyp bilerler, onuň çykyşlary restoranyň meşhur aýratynlygyna öwrüldi. Her anna güni bolsa «Dejavu» restoranynda ýakymly sesi bilen ýakymly duýgulary döredýän zehinli aýdymçy Selbiniň ýerine ýetirmeginde janly aýdymlar ýaňlanýar.

«Biz ähli isleg bildirýänleri agşamyny fransuz aşhanasynyň ajaýyp tagamlaryndan we döwrebap aýdym-sazlardan lezzet alyp, ýakymly gurşawda geçirmäge çagyrýarys. Bu ajaýyp çärä gatnaşmagyňyzy kepillendirmek üçin stollary öňünden bronlaň» diýip, «Dejavu» restoranynyň wekili aýtdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefonlar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň