Dünýäniň şokolad öndüriji kompaniýalary kakao noýbasynyň bahasynyň rekord derejede ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu bolsa olary dürli hili hilelere ýüz urmaga mejbur edýär diýip, «MIR 24» gullugy «Bloomberg-e» salgylanyp ýazýar.
Angliýada öz bäsdeşlerinden üçden iki esse ýeňil bolan hoz tagamly şokolad batonlary peýda boldy. Adaty şokoladyň ýerine öndürijiler süýjülikdäki düzümini artdyryp, maňyz ýagyny we karameli has köp ulanýarlar.
Hünärmenler bu meselede ýakyn geljekde kakaonyň bahasynyň ýene-de ýokarlanjakdygyny belleýärler.
Fewral aýynyň başynda kakao noýbasynyň bahasy soňky 46 ýylyň dowamynda ilkinji gezek rekord derejä ýetdi. Londonyň biržasynda onuň bir tonnasynyň bahasy 5009 dollara ýetdi. Munuň esasy sebäbi kakao ösdürip ýetişdirýän esasy sebitleriň biri bolan Günbatar Afrikada hasylsyzlygyň ýüze çykmagy boldy.