Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan ýeke-täk wagt ölçegine geçdi

11:2402.03.2024
0
18268
Gazagystan ýeke-täk wagt ölçegine geçdi
Surat: orda.kz

Gazagystanda 1-nji martdan başlap, ýeke-täk wagt guşaklygy ýola goýuldy diýip, «Interfax.ru» habar berýär.

Ýurduň Hökümetiniň «Gazagystan Respublikasynyň çäginde wagt ölçegi barada» kararyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji martynda gije 00:00 sagatdan başlap, bäşinji sagat guşagy (UTC+5) ulanylýar.

Astana, Alma-Aty, Şimkent şäherleri, Akmola, Almaty, Žambyl, Garaganda, Kostanaý, Pawlodar, Demirgazyk-Gazagystan, Türküstan, Gündogar-Gazagystan hem-de Abaý, Žetysu, Ulytau oblastlary 1-nji mart gijesi ýerli wagty 1 sagat yza süýşürdiler.

Mundan öň Gazagystanda iki sagat guşaklygy – UTC+5 we UTC+6 ulanylýardy. Ýurduň uly bölegi UTC+6 zolagyndady.

Öň gazagystanly alymlar we hünärmenler UTC+6 sagat guşagynyň tebigy gün wagtyna laýyk gelmeýändigini, adamyň biologik ritmine we saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýdypdylar. Bu şeýle-de ulag we beýleki aragatnaşyk serişdeleriniň işine ýaramaz täsir edýär. Täze girizilen düzgün işewürlige, döwlet edaralarynyň hem-de dessin gulluklaryň işine oňyn täsir eder diýlip garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň