Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda söwda dolanyşygy we sarp ediş harytlarynyň önümçiligi artdy

07:3202.03.2024
0
10753

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň söwda-senagat pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurtda söwda dolanyşygy we sarp ediş harytlarynyň önümçiligi ýokarlandy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalary öndürmegiň meýilnamasy 100 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 100 göterime, gön önümleriniňki bolsa 106,1 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,2 göterim berjaý edildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 4 müň 455 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 102,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,4 göterime deň bolup, jemi 16 maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 104,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda işleri döwrebap ýola goýup, azyk önümleriniň hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany halkara tejribeden ugur alyp, söwda işini kämilleşdirmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň