Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda polat turbalary we profilleri öndürýän täze kärhana işe girizildi

19:3801.03.2024
0
19594

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna gabatlanyp, polat turbalary we profilleri öndürmäge niýetlenen täze kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada HHM habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 5 gektar meýdany bolan täze kärhana önümçilik bölüminden, ammar we edara binalaryndan ybaratdyr.

Ýaponiýanyň, Italiýanyň we Türkiýäniň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 12 müň tonna önüm öndürmäge barabardyr.

Kärhanada 14 görnüşli polat turbalar we 13 görnüşli profil öndüriler. Olar üçin çig mal Russiýadan we Gazagystandan getiriler.

Täze kärhananyň açylmagy sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine we ýaşaýjylarynyň abadan durmuşyna goşant goşup, 70-den gowrak täze iş orunlaryny döreder diýlip, habar çeşmesinde bellenilýär.

Ozal biz Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda lagym arassalaýjy täze desganyň açylandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň