Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Özbegistanyň Merkezi bankynda duşuşyk geçirdi

15:3601.03.2024
0
22071

Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Bobur Abubakirow bilen duşuşdy.

Penşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Merkezi bankynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň merkezi banklarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, maliýe we ykdysady ugurlardaky gatnaşyklary güýçlendirmek, şol sanda bu ugurda sanly gurallary ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ugurda meýilleşdirilen bilelikdäki işler boýunça pikir alşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Özbegistanyň Prezidenti ýurduň horezm welaýatynyň çäginde «Özbegistan — Türkmenistan» erkin söwda zolagyny döretmek barada Karara gol çekipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň