Soňky habarlar

Arhiw

Bank ulgamy boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

14:0501.03.2024
0
11695

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredowyň Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary B.Abubakirow bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 29-njy fewralda bolan gepleşikleriň barşynda söwda we ykdysady ugurda türkmen-özbek özara gatnaşyklarynyň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky bankara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň banklarynyň arasynda meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň