Soňky habarlar

Arhiw

Mahabat hyzmatlarynda bahar arzanlaşygy

14:4901.03.2024
0
14090

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi hususy telekeçileri goldamak baradaky döwlet syýasatyna eýerip, mahabat hyzmatlarynda 75% arzanlaşyk yglan etdi.

Arzanlaşygyň çäklerinde hususy kärhanalar tarapyndan öndürilen ýerli önümler we hyzmatlara degişli bolan «Bahar owazy» ady bilen radio bukja döredildi. Bukjanyň bir günlik efir sany 14 gezek.

Baha sekunt we gün sanynyň möçberine laýyklykda kesgitlenýär. Hyzmatdan peýdalanmak isleýänler «Ýerli önümler we hyzmatlar» (turkmentv.gov.tm/advert) menýusyndan Radio gurnawynyň «Bahar owazy» bukjasyny saýlap, degişli sekunt we gün sanyny girizmek arkaly onlaýn sargyt edip bilerler.

Nyrhnama bukjasy 2024-njiýylyň 1-nji martyndan güýje girýär we martyň 31-ne çenli hereket edýär.

Mundan başga-da Mahabat müdirligi öz hyzmatlarynda Interaktiw mahabat (turkmentv.gov.tm/quiz), TV market hyzmatlaryny ýola goýdy. Şeýlelikde, müşderiler bilen mahabat kompaniýalary işläp taýýarlamakda we dürli hyzmatlar hödürleýär. Giňişleýin maglumat üçin turkmentv.gov.tm saýtyna ýüzlenip bilersiňiz!

Teklipleriňiz üçin:

E-poçta: mahabat@turkmentv.gov.tm
SMS: 0585
Telefon: 493705

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň