Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oleg Ýankowskiniň doglan güni bellendi

11:0324.02.2024
0
31605
Oleg Ýankowskiniň doglan güni bellendi
Surat: kino.mail.ru

Beýik rus aktýory Oleg Ýankowskiý 2009-njy ýylyň maýynda aradan çykdy, emma ony tomaşaçylar heniz hem ýatlaýarlar. Eger ýaşap ýörenliginde artist 80 ýaşamalydy diýip, «Rambler.ru» ýazýar.

Oleg Ýankowskiý 1944-nji ýylyň 23-nji fewralynda Gazagystanyň Jezkazgan diýen ýerinde doguldy. Saratowyň teatr uçilişşesini tamamlady.

Artist teatrda we kinoda birgiden ýatda galyjy keşpler döredip, russiýaly hem-de öňki Soýuzyň Respublikalarynyň tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Onuň iň meşhur kino işleriniň arasynda «Gylyç we galkan», «Iki ýoldaş gulluk edýärdi», «Meniň mähirli we näzik haýwanym», «Şol Mýunhgauzen» ýaly çeper we telefilmler bar.

Oleg Ýankowskiý sungatda bitiren hyzmatlary üçin birnäçe baýraklara we hormatly atlara mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň