Top.Mail.Ru

«Röwşen» aýakgap kärhanasy önümlerini Moskwada geçýän «Euro Shoes» sergisinde tanyşdyrýar

17:0319.02.2024
0
48558

Türkmenistanda öňdebaryjy aýakgap öndürijileriň biri bolan «Röwşen» hususy kärhanasy 19 — 23-nji fewral aralygynda Moskwa şäherinde geçirilýän aýakgaplaryň we aksessuarlaryň «Euro Shoes» halkara sergisine gatnaşýar.

Häzirki wagtda «Röwşen» haryt nyşany astynda erkekler we zenanlar üçin dünýäniň ösen tendensiýalaryna laýyk gelýän gündelik nusgawy hem-de sport stilindäki aýakgaplaryň köpdürli görnüşleri öndürilýär.

«Röwşeniň» önümlerine Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Türkmen brendiniň aýakgaplary Russiýa, Özbegistana we beýleki ýurtlara eksport edilýär.

«Röwşen» diňe öz önümhanasynda gaýtadan işlenilýän ýokary hilli derileri ulanýar. Aýakgaplaryň tikinçiliginde ulanylýan göwrüm dörediji serişdeler we zerur enjamlar iň gowy italýan öndürijilerinden satyn alynýar. Önümçiligiň her tapgyrynda aýakgaplar kärhananyň dükanlaryna paýlanmazdan ýa-da eksport edilmezden öňinçä, özboluşly hil gözegçiliginden geçirilýär.

«Röwşen» HK önümleriniň soňky kolleksiýasyna degişli nusgalary görkezilýän D13 diwarlygyna gelip görmäge çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň