Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda wise-premýer M.Mämmedowa görkezmeleri berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany şeýle-de milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurtda dürli forumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, maslahatlar, wagyz-nesihat we aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Şeýle hem medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy.
Geçen aýyň esasy çäreleriniň hatarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň şygarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat bar. Hasabat döwründe Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde türkmen hünärmenleri Fransiýada, Katar Döwletinde iş saparlarynda bolup, halkara medeni forumlara, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda Eýranyň, Hindistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda sergiler, ylmy maslahatlar, konsertler guraldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde milli we köpugurly hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler alnyp baryldy.
Şeýle hem wise-premýer ýanwar aýynda teatrlar, kinoteatrlar, kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda döwlet maksatnamalaryndan we konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.