Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty arap neşirini Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejeli çäreleriň işine gatnaşmaga çagyrdy

15:4215.02.2024
0
27355

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew ýurduň «Arab News» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Nur Nugali bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

14-nji fewralda bolan duşuşykda maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, doganlyk türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösüşlerini köpçülige ýaýratmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hem tanyşdyryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilendigi habar berildi hem-de şu ýylyň dowamynda türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanda birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.

Şunuň bilen baglylykda, «Arab News» gazetiniň wekilleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap geçiriljek halkara derejeli çäreleriň işine gatnaşmaga çagyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň