Her ýyl dünýäde 50 million tonna ulanmak üçin ýaramsyz elektronika önümleri peýda bolýar diýip, «24KZ» ýazýar. Olaryň diňe 20 göterimi gaýtadan işlenýär. Galanlary zibilhanalara taşlanýar. 2050-nji ýylda bu görkeziji 120 million tonna deň bolar diýip, BMG-niň hünärmenleri hasaplaýarlar.
Elektron zibilde esasy paý Hytaýa degişli, geçen ýyl bu ýurduň zibilhanalarynda 10 milliona golaý enjam peýda boldy.
Enjamlaryň ýalňyş ýok edilmegi howanyň üýtgemegini güýçlendirýär diýip, bilermenler aýdýarlar. Her ýyl zibilhana taşlanýan kompýuterleriň, telewizorlaryň, noutbuklaryň, ykjam telefonlaryň umumy 50 million tonnasy ilatyň jan başyna olaryň takmynan 7 kilogramy düşýär diýildigidir.
Elektron zibiliň düzümindäki agyr metallar, himikatlar we plastik daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna zyýan edýär.
Tehnikanyň iň köp zibile taşlanýan ýeri Aziýa, ondan soňra Ýewropa we Demirgazyk Amerika durýar diýlip, habarda bellenýär.