Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Finlýandiýanyň täze Prezidenti saýlandy

09:0013.02.2024
0
17493
Finlýandiýanyň täze Prezidenti saýlandy
Surat: tass.ru

Finlýandiýada geçen Prezident saýlawlarynda Milli koalision partiýadan bolan dalaşgär Aleksander Stubb ýeňiş gazandy. Bu barada Finlýandiýanyň Ýustisiýa ministrligine salgylanýan TASS habar berdi.

Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň netijeleri boýunça Stubb sesleriň 51,6 göterimini gazandy.

Respublikanyň täze Prezidentiniň ygtyýarlylyk möhleti öňdäki martdan başlanar diýlip, habarda aýdylýar.

Aleksander Stubb 1968-nji ýylyň 1-nji aprelinde doguldy. 2008-2010-njy ýyllarda ýurduň daşary işler ministri boldy, 2014-2015-nji ýyllarda Finlýandiýanyň Hökümetine başlyklyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň