Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagar

11:1412.02.2024
0
74639

Şu hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş we gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar.

Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +14... +19 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1... +6 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1... +6 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -2 gradus sowukdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2... +4 gradusdan +23... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň