Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda 31 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

10:2205.02.2024
0
18892

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, jins matasy hem-de jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 340 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 12 million 938 müň manatdan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň