Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede ýer titremelerde ejir çekenlere täze öýleriň açary gowşuryldy

09:3005.02.2024
0
18929
Türkiýede ýer titremelerde ejir çekenlere täze öýleriň açary gowşuryldy
Surat: www.tourdom.ru

Türkiýäniň Hataý ülkesinde geçen ýyl bolan güýçli ýer titremelerde ejir çekenlere täze öýleriň açarlary gowşuryldy diýip, «24KZ» habar berýär.

7 müň 275 adama täze ýaşaýyş öýleriniň açarlaryny gowşurmak dabarasyna ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdy. Ol öňdäki iki aýyň içinde ýene 75 müň öýüň gurlup ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

2023-nji ýylyň 6-nji fewralynda bolan güýçli ýer sarsgynlarynda Türkiýäniň ülkeleriniň 11-sinde 50 müňden gowrak adam pida boldy. Millionlarça adam öýsüz galdy.

Rejep Taýyp Ärdogan dabarada eden çykyşynda: - Ýylyň aýagyna çenli 200 müň öýi gurup, ulanmaga bereris. Biziň maksadymyz her ýyl 20 müňe golaý maşgalany ýaşaýyş öýi bilen üpjün etmekdir – diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň