Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda senagat pudagynyň dürli kärhanalarynda ösüş depgini üpjün edildi

16:3412.05.2024
0
6110

2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Lebap welaýatynda önüm bolçulygyny döretmek işine senagat pudagynyň dürli kärhanalarynyň işgärleri mynasyp goşant goşdular.

Gürrüňi edilýän döwürde benziniň 93,8 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 45,4 müň tonnasy, pagta süýüminiň 39,2 müň tonnasy, nah ýüplükleriň 122,3 million manatlygy, unuň 43,6 müň tonnasy, ýarmanyň 9,9 müň tonnadan gowragy, şöhlat önümleriniň 120,9 tonnasy, süýt önümleriniň 12,4 müň tonnasy öndürildi.

Bu görkezijiler boýunça geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründen ep-esli ösüş depgini gazanyldy. Bu barada welaýat neşirinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň