Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri 110 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýärler

16:4512.05.2024
0
6619
Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri 110 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýärler
surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri 2024-nji ýylda 110 tonna ýokary hilli pile tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu barada welaýat neşirinde habar berilýär.

Etrabyň «Agzybirlik» daýhan birleşiginde 74 sany ýüpekçi kärendeçisi jemi 2869 gram ýüpek gurçugyny idetmek bilen meşgul bolýar. Olaryň köpüsiniň bu işde uly tejribeleriniň bardygyny aýtmak gerek. Çünki bu ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edilip, olaryň kadaly ösüşiniň gazanylmagyna mümkinçilik berýär diýlip, habarda bellenilýär.

Daýhan birleşiginiň şeýle tejribeli, ýylyň-ýylyna bol pile hasylyny ýetişdirmegi başarýan ýüpekçi kärendeçileriniň arasynda Çowdur Kakabaýew, Merjen Baýramowa, Gülzara Döwletowa, Senemjan Hasanowa, Baba Bazarbaýew we beýlekiler bolup, olar gije-gündiziň dowamynda ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirmegiň, bellenilen ýylylykda hem-de arassa saklamagyň hötdesinden gelýärler.

— Men şu möwsümde 39 gram ýüpek gurçugyny idedýärin — diýip, öňdebaryjylaryň hatarynda ady agzalan Merjen Baýramowa aýtdy: — Bu işde meniň 20 ýyla golaý tejribäm bar. Şoňa görä, onuň ýol-ýodalaryny, tärlerini ýeterlik öwrendim. Bu hem şu günlerde öz işimde uly ýardam berýär. Nesip bolsa, möwsümiň ahyrynda döwlete 100 kilogramdan geçirip pile tabşyraryn diýen tamam bar.

Şu ýyl hojalykda 5,5 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň