Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär

07:4403.02.2024
0
25479

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer B.Atdaýewiň hasabatynda aýdylyşy ýaly, ýurtda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetde eýeleýän ornuny artdyrmak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurduň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda möhüm orna eýe bolan söwda toplumynyň ýurtda çalt depginlerde ösýän ulgamlaryň birine öwrülendigini belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň