Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň mejlisi geçirildi

05:2501.02.2024
0
16805

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, çärä TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar.

Çärede iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine, şol sanda ynsanperwer ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň berkarar edilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýändigine aýratyn üns çekildi. Milli jemgyýetiň alyp barýan işiniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketiniň ynsanperwerlik, özygtyýarlylyk, meýletinlik ýaly esasy ýörelgelerine laýyk gelýändigi bellenildi.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalar barada hem durlup geçildi. Bu meýilnamalar toplanan bilimleri alyşmagy, iş maslahatlaryny guramagy, okuw çärelerini geçirmegi maksat edinýär. Şeýle-de “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça 2024 — 2026-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy” ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara ynsanperwer hukugy barada bilimleri ýaýratmak we ony kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça TGÝMJ-niň zerur işleri alyp barýandygy bellenildi.

Şeýle hem çykyşlarda Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy hökmünde Türkmenistanyň bu ugurda taslamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna uly goşant goşýandygy nygtaldy.

Çärede şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Türkmenistanda hem-de daşary döwletlerde giňden bellemek bilen baglanyşykly meselelere-de garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň