Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi

05:2401.02.2024
0
25271

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk M­aslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk M­aslahatynyň Ýaşulular­ geňeşiniň hem-de Gurbangul­y Berdimuhamedow adyn­daky Howandarlyga mät­äç çagalara hemaýat b­ermek boýunça haýyr-s­ahawat gaznasynyň ýan­yndaky Ýaşulular geňe­şiniň nobatdaky mejli­si geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň gün tertibi boýunça Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, Gurbanguly hajy metjidiniň baş ymamy, Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Myradowy Türkmenistanyň Halk M­aslahatynyň Ýaşulular­ geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuham­edow adyndaky Howanda­rlyga mätäç çagalara ­hemaýat bermek boýunç­a haýyr-sahawat gazna­synyň ýanyndaky Ýaşul­ular geňeşiniň agzaly­gyna kabul etmek; Türkmenistanyň Prezid­entiniň «Ýaşlar – Watanyň­ daýanjy» atly ilkinji kitaby­nyň tanyşdyrylyş daba­ralaryny geçirmek we ­onuň ähmiýetini halk ­köpçüliginiň, jemgyýe­tçilik wekilleriniň, ­ýaşlaryň arasynda wag­yz etmek boýunça Ýaşu­lular geňeşiniň agzal­arynyň ýerlerde alyp ­barýan işleri; şeýle-de «Pähim-paýhas ummany ­Magtymguly Pyragy» ýy­lynyň jemgyýetçilik-s­yýasy ähmiýetini wagy­z etmek boýunça Ýaşul­ular geňeşiniň agzala­rynyň jemgyýetçilik b­ilen bilelikde ýerler­de alyp barýan işleri­ bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylykdan ugur almalydyklary, şol sanda howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýýar bolmalydyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap almalydyklary bellenildi.

Mejlisiň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň