Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy

09:5429.01.2024
0
15216

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen polipropileni, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň telekeçilerine nah matalar we nah ýüplük, erkek adamlar üçin köýnekler, jins matasy, dikeldilen süýüm, ýüpek çig maly, pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 900 müň dollaryna golaý boldy.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we nebit ýol bitumyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 24 million 387 müň manatdan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň