Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Biz Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine berk ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat we bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.