Top.Mail.Ru

Türkmenistanda küşt boýunça milli ýaryşlaryň täze möwsümine badalga berilýär

17:0225.01.2024
0
19282

Türkmenistanda ýaş küştçüler üçin täze ýaryş möwsümi başlanýar. 29-njy ýanwarda 6 ― 12 ýaş aralygyndaky çagalar we 13 ― 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin milli çempionatlara badalga berler.

Şu ýyl çagalaryň we ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlara 500-den gworak küştçiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem ýakyn günlerde ýurtda küşt boýunça aşakdaky ýaryşlar geçiriler:

Aşgabatda

21 ― 27-nji ýanwar aralygynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty;

28-nji ýanwar ― 3-nji fewral aralygynda 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty;

4 ― 10-njy fewral aralygynda 14, 16 we 18 ýaşa çenli erkekleriň we gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty;

18 ― 26-njy ýanwar aralygynda Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty (Birinji liga);

3 ― 17-nji mart aralygynda ― Erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty (Ýokary liga).

Daşoguz şäherinde:

11 ― 17-nji fewral aralygynda Zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty (Birinji liga).

Blis boýunça onlaýn liga:

30-njy mart ― jemleýji tapgyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň