Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Singapur döwletiniň Söwda we senagat ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada TSSE habar berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 18-nji ýanwarda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigine aýratyn ähmiýet berlip, onuň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda durlup geçildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara hyzmatdaşlygyň ugrunda akylly şäher, ýaşyl energetika, telekommunikasiýa, lukmançylyk we bilim ulgamlaryndaky hyzmatlar we tejribeler boýunça teklipler hödürlenildi.