Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady

11:4322.01.2024
0
25172

Wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Saparyň esasy maksady döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybarat diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň çäginde 22-23-nji ýanwar aralygynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň, Mejlisiniň we degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylygynda birnäçe duşuşyklar meýilleşdirilýär. Şeýle hem saparyň çäklerinde Maliýe we eksport karz agentlikleriniň hem-de iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçiriler.

Ýakynda geçiriljek duşuşyklaryň gün tertibi döwletara gepleşikleri güýçlendirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek we syýasy hem-de diplomatik gatnaşyklary ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Gepleşiklerde ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem ylmy we bilim hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň