Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlandy

04:5220.01.2024
0
19191

19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde Ýurdy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda ýurduň makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklaryň we sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň ugurlaryny artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilata ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň döwletiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatyň iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Maksatnamanyň taslamasynda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijilere, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalaryna, ýerine ýetirilmeli işlere, welaýatlar we şäherler boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijilerine ýene-de bir gezek seretmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň